Ýurdumyzyň ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny bermek hakynda
DÜZGÜNNAMA
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde döwletli-döwranly Diýarymyzda alnyp barylýan her bir tutumly işler ýurdumyzyň ýaşlary bilen bir hatarda, bagtyýar çagalaryň ajaýyp durmuşy, geljegi üçin amala aşyrylýar. Bu günki gün ýaş nesliň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda terbiýelenmegi, ak mermere beslenen mekdeplerde bilim almagy üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň synmaz sütünine, ýagty ertirine deňelýän çagalaryň bagtly geljegi ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Çünki Garaşsyz Türkmenistan durmuşymyzyň gülleri, ýüreklerimiziň örki bolan eziz çagalaryň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň myrat tapýan ýurdudyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda olaryň ähli babatda kämil, ylymly, bilimli, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşantlaryny goşýan, ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalary we çagalar döredijilik toparlaryny sylaglamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny yglan edýär.
I. Umumy düzgünler
1. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna türkmeniň milli saz gurallarynda halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýän, döredijiligiň dürli ugurlary bilen içgin iş salyşýan, okuw derslerinde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezýän, sport ýaryşlarynda, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalar we ýetginjekler, şeýle hem çagalar aýdym-saz we tans toparlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we orta mekdepleri, çagalar baglary tarapyndan bu baýraga hödürlenip bilner.
2. Resminamalarda baýraga hödürlenýän çagalaryň, ýetginjekleriň ýa-da çagalar döredijilik toparlarynyň soňky 3 (üç) ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri, döredijilik işleri, guramaçylyk başarnygy, jemgyýetçilik işjeňligi barada tassyklanan resminamalar we deliller hem-de olaryň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna hödürlenýändigi hakynda degişli edara-kärhanalaryň umumy maslahatynyň kararynyň bolmagy hökmandyr.
3. Baýraga hödürlenýänleriň ýaşy 16-dan ýokary bolmadyk, şeýle hem çagalar döredijilik toparynyň döredilen wagty 3 ýyldan az bolmaly däldir.
4. Bu baýraga öň mynasyp bolmadyk çagalar, ýetginjekler we çagalar döredijilik toparlary (tutuş toparyň özi) hödürlenilmelidir.
5. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna hödürlenýänleriň resminamalary şu Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, bir aýyň dowamynda kabul edilýär.
6. Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher geňeşleri baýraga hödürlenenleriň içinden iň mynasyplaryny saýlap-seçip, olary öz mejlisleriniň kararlary bilen noýabr aýynyň 15-ine çenli Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat hem-de Aşgabat şäher geňeşlerine tabşyrýarlar. Bu geňeşler hem öz mejlislerinde bu meselä seredip, okuwda, zähmetde, jemgyýetçilik işlerinde has tapawutlanan çagalary Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna hödürlemek barada kararlary kabul edýärler. Şondan soňra welaýat we Aşgabat şäheri boýunça saýlanyp alnan ýaşlaryň resminamalary şol kararlar bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň mejlisiniň garamagyna hödürlenilýär.
II. Resminamalaryň taýýarlanylyşy
1. Baýraga hödürlenýän çagalaryň, ýetginjekleriň her biri üçin resminamalar bir nusgada taýýarlanylýar. Resminamalar baýraga hödürleýän degişli edaralar, orta mekdepler, Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher, welaýat geňeşleri tarapyndan tassyklanylan bolmaly we olaryň sanawy bellenilen tertibe laýyklykda bir bukjada ýerleşdirilmeli.
2. Resminamalarda baýraga hödürlenýänleriň ady, atasynyň ady, doglan ýyly, aýy, güni, milleti, öý salgysy dogluş hakyndaky şahadatnama boýunça dogry ýazylmaly hem-de onuň okaýan ýeri we synpy doly görkezilmeli.
3. Baýraga hödürlenýän döredijilik toparlary hem şol toparlara gatnaşýan çagalaryň ýaş aýratynlygy we toparyň ýolbaşçysy barada anyk maglumatlary bermeli.
III. Kabul edilýän resminamalaryň sanawy
1. Baýraga hödürlenýänleriň 3x4 möçberdäki 2 (iki) sany reňkli fotosuraty, şahsy resminamasy, terjimehaly, dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy bolmaly.
2. Resminamada baýraga hödürlenýänleriň ýa-da toparyň işine jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilendigi baradaky subutnamalar, ýagny baýraga hödürlenýäniň ýa-da toparyň çykyşlarynda, döredijilik işlerinde gazanan üstünlikleri üçin berlen diplomlaryň, Hormat hatlarynyň, baýraklaryň nusgalary, mekdepde sapaklaryna ýetişigi baradaky maglumat hem-de dürli medeni-köpçülik çärelerinde eden çykyşlaryndan, döredijilik işi hakynda taýýarlanan surat albomy, CD we DVD disk ýazgylary bolmaly.
3. Baýraga hödürleýän edara-kärhanalaryň, guramalaryň, mekdepleriň we döredijilik toparlarynyň hödürnamasy, häsiýetnamasy we Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher, welaýat geňeşleriniň ýygnagynyň mejlisleriniň beýanyndan göçürmeler gol çekilip, möhür basylyp, tassyklanan bolmaly.
IV. Baýragyň netijelerini jemlemegiň tertibi
1. Ýaşlar guramasynyň ýerli wekilleri welaýatlardan we Aşgabat şäherinden Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna hödürlenýän çagalar we çagalar döredijilik toparlary baradaky maglumatlary 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-ine çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine ibermeli.
2. Baýraga hödürlenen ýaş ýetginjekleriň düzümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan tassyklanan ýörite topar döredilip, toparyň Mejlisiniň garamagynda seredilýär. Mejlisde saýlanyp alnan, mynasyp bolan çagalar we çagalar döredijilik toparlaryna Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny bermek barada jemleýji karar kabul edilýär.
3. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji on günlüginde geçiriler hem-de bu baýraga mynasyp bolan çagalara we döredijilik toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi:
44-88-79, 44-88-85.