Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦ ✦ "Dalaşgär-2025" interaktiw platforma işe girizildi ✦ ✦ Zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi ✦ ✦ Dalaşgärler üçin açyk we sanly maglumat portaly işe girizildi ✦ ✦ Ýokary okuw jaýlaryna girmekde täze sanly mümkinçilik ✦ ✦ Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ LLDC3: Sebitiň milli däpleri we sungaty “Awaza”da birleşýär ✦ ✦ Türkmen-ýapon bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ 570 million adamlyk bazar: LLDC3 forumy hususy pudagy bileleşdirýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /GÜL BEZELEN HALYM!
  21.11.2022
912
GÜL BEZELEN HALYM!

Türkmeniň halysy halkymyzyň ruhy hem maddy baýlygydyr. Bu beýik sungatda halkymyzyň dünýägaraýşy, ylmy paýhasy, pelsepesi, ruhy dünýäsi jemlenendir. Türkmen halkynyň kalbynyň buýsanjy, törüniň bezegi bolan halylarda ene-mamalarymyzyň mähir yhlasy, söýgüsi siňendir. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp gelen öz milli ajaýyp  sungaty edim-gylymlary we milli gymmatlyklary bar. Bu milliligimiz hem medeni mirasymyz bu gün türkmeni tutuş dünýä tanatdy. Şol gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmeniň nepis halysydyr. Türkmeniň kalby ýaly gözel, nepis hem ajaýyp türkmen halysy kalbymyzyň nurudyr, halkymyzyň genji-hazynasydyr. Bu ajaýyp inçe sungat üstünden ençeme asyr geçse-de, öz gymmatyny ýitirmändir. Her bir göli bir many aňladýan türkmen halysy barada birnäçe ajaýyp nakyllardyr atalar sözi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir: «Dokmaly öý – dok öý», «Bir okana bar – birem dokana», «At ýigide ganat, haly – gyza», «Ha:lym bar – halym bar». Bu paýhasly pentler nesil terbiýesinde hem ähmiýetini saklap gelipdir. Belli syýahatçy Marka Polonyň hem taryhy ýazgysynda türkmen halysynyň waspyny ussatlyk bilen beýan edendigi bellenilýär. Türkmen halylaryna teke, salyr, ýomut, ärsary gölleri salnypdyr. Bäş welaýatyň hem haly gölleriniň öz aýratynlyklary bar. Ýaşyl Tugumyzda we Tugramyzda bäş welaýatymyzyň haly gölleriniň ýerleşdirilmegi türkmen halylarynyň beýikliginiň nyşanydyr. Gözelligiň, nepisligiň nusgasy bolan ajaýyp türkmen halylary gadym döwürlerde dürli ýurtlaryň şa köşklerini, köşki eýwanlary bezäpdir. Halylarymyz dünýä bazarynda iň gymmatly harytlaryň biri bolmak bilen, öýleriň bezegi bolupdyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halyçylyk sungatynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimi giňeýär. Oguzhan atamyzdan gözbaş alan bu milli senedimiz täze röwüşde ösdürilýär. Çünki türkmen halysy türkmeniň at-abraýyny dünýä tanadan milli baýlyklarymyzyň biridir. Mähriban Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinde hem bu özboluşly sungatyň aýratynlyklary ylmy esasda düşündirilip, onuň waspy örän ýokary ussatlyk bilen beýan edilýär. Milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak biziň her birimiziň mukaddes perzentlik borjumyzdyr. Şeýle gymmatlyklarymyzyň täzeden dikeldilmegi we halyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Maftuna REÝMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.