Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Hukukçy talyp Ýaponiýada tejribe toplady ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦ ✦ Gyzykly geçen söhbetdeşlik ✦ ✦ Adam beýnisiniň işjeňligi we ony ösdürmek ✦ ✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gözellik hakynda ýazmak ýakymly
  08.02.2023
1106
Gözellik hakynda ýazmak ýakymly

Gözellik hakynda ýazmak, gözellik hakynda gürrüň etmek, gözellik hakynda oýlanmak adam üçin iň ýakymly duýgularyň biri. Ynsana gözel zatlara kalby ganat ýaýyp, onuň yşgynda gezýär. Ýagny filosofyň aýdyşy ýaly, «Gözellik dünýäni halas eder» diýen şygar hem ýöne ýere aýdylýan däldir. Gözelligiň yşgynda gezýän adamlar hemişe-de ýaşaýşa höwesli, ýaşaýşyň täsin syrlaryny özlerinde açyp bilýän adamlardyr. Ýaşlyk bilen gözellik hem aýrylmaz baglanşyklydyr. Çünki ýaşlykda hyjuw bilen bäsleşýän gözellik bar. Ýaşlygyň öz gözel keşbi asyrlar döräli adamzady özüne maýyl edip gelýär.

Biziň ýurdumyzda hem gözellige uly üns berilýär. Şäherimiziň gözelligi, obalarymyzyň, okuw jaýlarymyzyň, ýaşaýan  we zähmet çekýän ýerlerimiziň gözelligi bilen bir hatarda edep-ekram gözelligi hemmesi bir ýere jemlenýär. Talyplygyň hem öz gözelligi bar.

Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri dowam edip gelýän gözellik bäsleşikleriniň iň bir naýbaşylarynyň biri hem «Talyp gözeli» bäsleşigidir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelik-de, Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýäminiň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli-2023» atly gözellik bäsleşiginiň geçiriljekdiginiň yglan edilmesi, gözellige sarpa goýýan halkymyzyň ýaşlarynyň arasynda täze buýsanç döretdi. Talyp gyzlaryň ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşpleriniň hem-de edepleriniň gözelligini, milli däp- dessurlarymyza goýýan sarpalaryny açyp görkezmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşik ýurdumyzda gözellige berilýän bahanyň ýokarydygyny subut edýän ýene bir mysaldyr.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda geçiriljek bu bäsleşik türkmen talyp gyzlarynyň el we dil hünärlerini kesgitlemek bilen birlikde, olaryň edep-ekramlarynda türkmen milliliginiň saklanmasynda edilen çykyşlar hem göz öňüne tutular. Gözelligiň ynsan tebigatyndan gelip çykýan netijesi elbetde dil. Şol sebäpli-de gözel, çeper şygyr okaýyşlardyr, wasplar, bäsleşigiň aýratyn bölegini bezär. Mundan başga-da talyp gyzlaryň dürli dillerde çykyş etmäge bolan mümkinçilikleri gyzlaryň gözelligini ýene bir geze artdyrar. Çünki bu ukyp gözelligini ýüze çykarar. Gözellik bar ýerinde bolsa, ynsan gatnaşyklary hemişe gün kibi kalplara mähir çaýar. 

 

Ogulbagt  GARRYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
Nebit we gaz fakultetiniň fakultetiniň talyby.