Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦ ✦ EKSPORT — Global bazara ýol ✦ ✦ Garagum çöli: ylmy barlaglar we durnukly ösüş mümkinçilikleri ✦ ✦ Emeli aňyň adamzadyň durmuşyna täsiri: peýdasy we töwekgelçilikleri ✦ ✦ "Bedew bady: güýç hem gözellik" atly döwletara bäsleşigi GDA gatnaşyjy ýutlaryň arasynda, yglan edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi ✦ ✦ Onlaýn söwda dünýäni nähili derejede üýtgedýär? ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /GÖZEL ÜLKÄMIZE NOWRUZ GELIPDIR!
  21.03.2020
781
GÖZEL ÜLKÄMIZE NOWRUZ GELIPDIR!

      Halkymyz öz maddy we ruhy gymmatlyklaryny goramak bilen öz medenýetini edim-gylymlaryny kämilleşdirip, nesilden-nesle greçirip gelýär. Şol  biziň gymmatlyklarymyzyň esasylarynyň ýende biri biziň milli bahar baýramymyz Nowruzdyr. Taryhlardan kök alyp gaýdan Nowruz baýramy häzirki günlerde hem ýurdumyzda her ýyl milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu ýyl hem agzybir türkmen halky baýramlaryň seresi Nowruz baýramy mynasybetli  ýokary derejede taýýarlyk işlerini gördi. Ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde täzelenişiň baýramyny halykmyz uly şatlyk-şowhunly garşy alyp, onuň bilen baglanyşykly gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ýarine ýetirýärler.
         Nowruz parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşyçylygy halklaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünşmegiň baýramydyr. Şonuň üçinde gadymýetden biziň şugünki Berkarar döwletimiziň, bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten bu baýram ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň tarapyndan kabul edilen ýörite karanama esasynda Halkara Nowruz güni höküminde yglan edildi. Halkara Nowruz güni halklaryň arasynda parahatçylygy berkitmäge gollag bermek bilen dünýä ýüzünde gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny ýaýmaga hem uly goşant goşýar.
         Biziň ata-babalarymyz aý-ýyldyzlaryň hereketine seredip, gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyny kesgitläp bilipdirler. Şunlukda olar bahar paslynda bu güni baýram edipdirler. Gadymda gelýän düşünjä görä, Nowruzda “Gyşyň togsany dolup, ýazyň bossany gelýär” -diýip hasap edipdirler. Nowruz baradaky asyrlar boýy dowam edip gelýän yrym-ynançlaryň, däp-dessurlaryň alymlar tarapynda aýdylýan ylymy maglumatlaryň ählisi hem adamzadyň tebigata bolan ýakynlygyny alamatlandrrýar.
         Nowruz baýramy bir näçe iri-iri guramalarda mekdep-edaralarynda saglyk öýlerinde we bir näçe döwrebap gurlup ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynda umuman aýdanymyzda bu baýram diýarymyzyň ähli künjeklerinde, welaýat, şäherlerinde giň gerim bilen bellenilip geçirilýär.