logo

Latest news:
✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦
Home / Sports /Goşanyýaz Durdyýew: “Men ýeňiş gazanmagy öz öňümde maksat edindim”
  08.04.2024
686
Goşanyýaz Durdyýew: “Men ýeňiş gazanmagy öz öňümde maksat edindim”

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 7-nji aprelda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyran türkmen türgenlerini sylaglandyryş dabarasy bolup geçdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Sylaga mynasyp bolan türgenlerden Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we Sport baradaky baş müdirliginiň Mary etrap sport mekdebiniň tälimçisi,Türkmenistanyň sport ussady Goşanyýaz Durdyýew öz ýürek buýsanjyny paýlaşdy:
 

- “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde biz türgenlere şa serpaýlary ýapylýanlygy üçin çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys. Biz döwletimiziň belent mertebesini has-da ýokarlandyrmak üçin döredilýän mümkinçiliklerden, şertlerden doly peýdalanyp türgenleşik işlerini ýokary derejede alyp barýarys. Biz türkmen türgenleri halkara, Aziýa, dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp ýeňiş gazanyp, ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladýarys. Türkmen sportuny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan uly işleri üçin müň kerem alkyşlar aýdýarys. Türkmen sportunyň hak-howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanyp men ýeňiş gazanmagy öz öňümde maksat edindim. Ýaňy-ýakynda Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyp baýrakly 1-nji orna, altyn medala mynasyp boldum. Şu dabaraly pursatda biz ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini eýermäge, türkmen sportuny has-da kämilleşdirmäge berýän goldaw-hemaýatlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun.