logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«Göresim gelýär!» - Annabeg AÝMAKOWA
  05.12.2022
1319
«Göresim gelýär!» - Annabeg AÝMAKOWA

Uzaklaşyp, menzil düşüpdir ara,
Görle gadryň artyp barýar-la bara,
Sowup epgekleri, aýaz, gyş, garam,
Sensiz ýeke sagat bir ýyla dönýär! 

Talyplyk alada gurşan daşymy,
Käte pikir agyrdanda başymy,
Seni küýsäp gözüme ýaş alşymy,
Saňa näler aýdyp beresim gelýär! 

Aýralyk däl, sag-amanlygňy bilýän,
Didar küýsegi bar bagrymy dilýän,
Käte sen körpeje çaga öwrülýäň:
«Haçan geljek seni göresim gelýär?!»

Ykbalda bar meger aýralyk paýy,
Ojagmyz küýseýän gün geçdik saýy,
Arzylym, ýekejäm, ýüregmiň taýy,
Eziz uýam, seni göresim gelýär!

 

Annabeg AÝMAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.