logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady
  25.06.2026
547
Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik işiniň tamamlanmagy bilen baglylykda guralan bu duşuşykda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

 

Söhbetdeşler ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli mehanizmleriniň, hususan-da, yzygiderli geňeşmeleriň, degişli iş toparlarynyň işiniň, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

 

Ilçi Bernd Haýns hem Türkmenistanda diplomatik wezipesini ýerine ýetiren döwründe özüne ýakyndan berlen goldaw we netijeli hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

 

Baýnazar BAÝHANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.