logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Gel, Täze ýyl, galkynyşly illere!
  27.12.2022
882
Gel, Täze ýyl, galkynyşly illere!

Süýji umytlaryň baýramy bolan Täze ýyly biziň her birimiz maşgala bolup, agzybirlikde, şadyýan garşylamagy arzuwlaýarys. Giňden ýazyp, üstüni naz-nygmatlardan dolduran desterhanlarymyzyň daşyna ýakynlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bolup jemlenýäris. Ine, ýene-de şeýle ýakymly pursatlaryň bosagasynda durus. Güneşli Diýarymyzda Täze, 2023-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ildeşlerimize 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň pensiýa, zähmet we talyp haklarynyň öňünden tölenilmegi, ak bazarlarymyzda we söwda nokatlarynda islegli önümleriň ählisiniň elýeterli bahalardan hödürlenilmegi halkymyzyň baýramçylyk ruhuna joşgun berýär.

Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň esasynda işlerini döwrebap derejede ýola goýan hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän önümler hem hil taýdan tapawutlanyp, geçginli harytlaryň hatarynda tanalýar. Telekeçiler bazaryň täze ugurlaryny ynamly özleşdirip, obasenagat we beýleki toplumlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrýan önümçilik tehnologiýalaryny özleşdirýärler. Bu bolsa ilatyň dürli görnüşli azyk we senagat önümlerine bolan islegini kanagatlandyrýar.

Ak bazarlarymyzdaky şeýle-de iri söwda we dynç alyş merkezlerindäki tekjeleri dolduryp duran Täze ýyl sowgatlarynyň, süýjülikleriň, azyk we hojalyk harytlarynyň görnüşleriniň köpdürlüligi, hiliniň ýokarylygy we bahasynyň elýeterliligi alyjylaryň göwünlerini göterýär. Şeýle-de bu ýerlerde baýramçylyk şüweleňleri hem guralýar. Bu bolsa ildeşlerimiziň her birine ruhy şatlyk paýlaýar.

Goý, Täze, 2023-nji ýylymyz hem geçen ýyllar ýaly rysgal-berekede, bolçulyga beslensin! Zeminde asudalyk, parahatçylyk höküm sürsün!

 

Abdyllar NUROW,

Aşgabat şäher agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.