logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi
  30.04.2026
10
Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda startaplar” atly bäsleşik üstünlikli geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýan “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” atly taslamanyň çäginde guraldy.

 

Bäsleşik ýaşlaryň döredijilikli hem-de innowasion pikirlerini goldamak, ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa ugurlarynda täze tehnologiýalary öňe sürmek maksady bilen geçirildi.

 

Bäsleşige jemi 103 sany startap taslama hödürlenip, olaryň 53-si saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi. Gatnaşyjylaryň düzümine ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdep okuwçylary hem-de beýleki raýatlar girdi.

 

Çäräniň esasy tapgyry 2026-njy ýylyň 9–10-njy apreli günlerinde geçirildi. Birinji gün “Energiýa tygşytlaýjy we sanly çözgütler” hem-de “Biomassa we bionergiýa” ugurlary boýunça 33 taslama diňlenildi. Ikinji gün bolsa “Gün we ýel energiýasy” ugry boýunça 13 taslama hödürlenildi.

 

Gatnaşyjylar tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen täze ylmy çemeleşmeler we tehnologik işläp düzmeler görkezildi. Eminler topary ähli taslamalary ylmy derejesi, täzeligi hem-de amaly ähmiýeti boýunça seljerip bahalandyrdy.

 

Netijede, her ugur boýunça iň ýokary görkezijilere eýe bolan gatnaşyjylar ýeňiji diýlip yglan edildi.


“Gün we ýel energiýasy” ugry boýunça:

  • 1-nji orun — Ýalkabow Kakamyrat
  • 2-nji orun — Agaýewa Göwher
  • 3-nji orun — Çaryýarowa Maral

 

“Energiýa tygşytlaýjy we sanly çözgütler” ugry boýunça:

  • 1-nji orun — Orjyýew Begenç
  • 2-nji orun — Annagurbanow Şatlyk
  • 3-nji orun — Annamämmedow Kerim

 

“Biomassa we bionergiýa” ugry boýunça:

  • 1-nji orun — Amanowa Gülaýym
  • 2-nji orun — Taňrykulyýewa Mähri
  • 3-nji orun — Saryýew Sähet

 

Belläp geçsek, saýlama tapgyryndan geçen 53 gatnaşyjynyň 7-si dürli sebäpler sebäpli bäsleşige gatnaşyp bilmedi.

 

Çäräniň jeminde ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

 

Bu bäsleşik ýaşlaryň ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de ýurdumyzda ýaşyl energiýa ulgamynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşýar.