logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Garaşsyzlyk — Watanymyzyň şöhraty
  20.09.2022
1168
Garaşsyzlyk — Watanymyzyň şöhraty

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi.


1991-nji ýylda ýurdumyzyň öz Garaşsyzlygyny gazanmagy halkymyz üçin taryhy ähmiýetli waka boldy. Mähriban Watanymyzda täze eýýam başlandy. Taryhy ölçeg boýunça uzak bolmadyk döwrüň içinde Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpli özgerdildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy we aşyrylýar.


Şu ýyl ata Watanymyz Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny dabaraly belleýär. Gojaman taryhyň gatlaryny külterlänimizde ujypsyz möhlet ýaly bolup görünýän Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimizde amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler asyrlara barabar ölçegler bilen ölçenmäge mynasyp. Gadymy Jeýhun bilen gojaman Hazaryň aralygynda, Garagum sährasynyň goýnunda ýaýylyp ýatan türkmen topragynda ýaşaýan bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygyň eçilýän miwelerini her ädimde görüp we duýup ýaşaýarlar. 
 


Ylýas ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.