Her ýylyň sentýabr aýy türkmen halky üçin aýratyn hormat-sarpaly döwürdir. Sebäbi bu aýda eziz Watanymyz Garaşsyzlygynyň dabaraly baýramyny belleýär. Garaşsyzlyk diňe bir döwlet derejesindäki möhüm sene bolman, eýsem halkymyzyň ruhy kuwwatynyň, agzybirliginiň we öz ýoluny saýlap bilýän erkiniň beýik nyşanydyr.
1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda uly ösüşlere, giň gerimli özgertmelere we halkara derejesinde tanalan üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanylan ösüşler, halkyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler Garaşsyzlygyň berkararlygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyzlygyň berkarar bolmagy bilen, Türkmenistan daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgesini ýöredip, halkara giňişlikde parahatçylyk söýüjilikli we hyzmatdaşlyga esaslanýan döwlet hökmünde tanaldy. Bu gün ýurdumyz dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Şeýle gatnaşyklar diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem medeni, ylym-bilim we ynsanperwerlik ugurlarynda hem has-da berkidilýär.
Munuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen dabaraly resmi kabul edişlik görkezilýär. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni we Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Dabara Ýaponiýanyň hökümet wekilleri, parlament agzalary, jemgyýetçilik guramalary hem-de türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň häzirki derejesi, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler giňişleýin beýan edildi. Şeýle çäreler diňe bir diplomatik gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da beýgeltmäge hyzmat edýär.
Garaşsyzlyk – geçmişe buýsanç, şu güne guwanç we geljege ynamly ädimdir. Bu baýram halkymyzyň öz güýjüne, paýhasyna hem-de Garaşsyz döwletimiziň rowaçlygynyň hatyrasyna edýän yhlasly zähmetine beýik hormat hökmünde her ýylda aýratyn toý ruhunda bellenýär.
Sähra MUHAMMEDRÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby.