logo

Latest news:
✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦
Home / Science and Education /Garaşsyzlyk bahary
  22.09.2020
1037
Garaşsyzlyk bahary

Ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Şoňa göräde, biz bu baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli ruhyny beýan edýän hem-de ýokary ösüşleriň uly üstünlikleriň we belent maksatlara galkyndyrýan milli baýram hökmünde busanç bilen belleýäris. Garaşsyzlyk baýramy ähli türkmen halky üçin uly toý hökmünde giňden bellenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen türkmen ykbaly arşa göterilip, onuň nurly şuglasy diňe bir türkmen ykbalyna däl, eýsem dünýä şöhle saçýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady babatda gazanýan üstünlikleri türkmenistanlylaryň ýürek buýsanjyny goşalandyryp, halkara jemgyýetçiligini özüne çekýär. Biziň saýlap alan ýolumyz gurmagyň we döretmegiň ýoly, biz bu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýarys. Garaşsyz döwletimiz 29 ýyla golaý wagt bäri halkara gatnaşyklarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýelik edýär. Dünýäniň döwletleri bilen halkara dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary alyp barýar. Bu ýörelgeler mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine, berkerar döwletimiziň daşary syýasy ösüş ugurlaryna doly laýyk gelýär. Biziň Garaşsyz döwletimiz bu ugra ygrarly bolmak bilen, dünýä ýurtlary, halkara we sebit guramalary bilen parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirýär, özara düşünişmäge hem-de ynanmaga esaslanýan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.