logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Culture /“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
  05.09.2022
1210
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Golaýda, Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýat we Aşgabat şäher tapgyrynda ýeňiji bolan körpeler gatnaşdylar.

 

 

Bäsleşik ýatda galyjy pursatlara örän baý boldy. Ýeňijiler yglan edildi. Netijede,

 

 

— Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ýyldyz Şatlykowna Amannepesowa;

 

 

— Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Meret Amangeldiýewiç Hydyrow;

 

 

— Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Döwletgeldi Gurbanowiç Orazdurdyýew;

 

 

— Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 77-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Kemal Pirjanowiç Durdymädow;

 

 

— Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Omar Şöhradowiç Bazarow;

 

 

— Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Çynar Wepaýewna Wepaýewa – dagylar “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.