logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /“Garaşsyzlygyň merjen däneleri”
  11.09.2021
817
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, asudalygyň, agzybirligiň, bagtyýar çagalygyň höküm sürýän ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksadaokgunly, edepli-tertipli, sanly tehnologiýalaryň dürli ulgamlaryndan baş çykaryp çykyp bilýän ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, şonuň bilen birlikde hem ýaşlary belli bir hünäre çekmek baradaky alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Nesil terbiýesinde alnyp barylýan bu asylly işler ýurdymyzda döwlet syýasatlarynyň esasy öňe sürülýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýörüte meýilnamalara laýyklykda ýurdymyzda ýaş nesilleriň arasynda birnäçe bäsleşikler yglan edilip, ýylyň-ýylyna uly üstünlikler bilen geçirilýär. Ynha yaňy-ýakynda hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda ýerleşýän “Türkmeniň Ak öýi” binasynda “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly çagalaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu geçirilen taryhy bäsleşikde Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşige gatnaşyjylara iberen gutlag sözleri okaldy. Kalby buýsançdan doly, kalby ata Watanymyza bolan söýgi hyjuwyndan doly bolan bagtyýar çagalarymyz bu bäsleşige uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar ata Watanymyzy, Hormatly Prezidentimizi, bagtyýar çagalygy, türkmen tebigatymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlary bilen diňleýjilere ruhy-lezzet paýladylar. Milli eşikleriň dürli görnüşlerini geýip çykyş eden bagtyýar çagalaryň her bir çykyşynda asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň alamatlary duýulýar. Uly üstünliklere beslenip geçen bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ýurdymyzyň ähli künjeklerinden gelen ýaş nesiller öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa bagtyýar nesillerimiziň zehin sahawatynyň artmagyna, watançylyk düşünjeleriniň has-da kämilleşmegine, şonuň bilen birlikde hem aýdym-saz sungatyna, medeniýete bolan höwesleriniň ösmegine özüniň uly täsirini ýetirýär.