Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arkadag şäheri – geljegiň şäheri ✦ ✦ Hukuk medeniýetini ösdürmek — döwrüň talaby ✦ ✦ Magtymgulynyň edebi mirasyna sarpa ✦ ✦ BMG – Türkmenistan: ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykarylýar ✦ ✦ Uzak ýaşaň Arkadag! - Toýly Jänädow ✦ ✦ Bir gektar ýerdäki ösümlikler näçe kislorod öndürýär? ✦ ✦ Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy ✦ ✦ Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri ✦ ✦ 1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy ✦ ✦ Gallam bar — tyllam bar ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Gallam bar — tyllam bar
  27.06.2024
36
Gallam bar — tyllam bar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň däneçilik pudagynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede, ylmy esasda ösdürmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurdaky işleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi bolsa bol hasylyň ýetişdirilmegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, 24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna barmagy möhüm wakadyr. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

 

Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

 

Täze bölümde tohumlyk däneler ýörite şöhläni ulanmak arkaly saýlanylýar. Bu enjam bugdaýlary onuň reňkine, göwrümine laýyklykda arassalaýar. Bu bolsa arassa we ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bölümde oturdylan iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaýy arassalamaga ukyplydyr.

 

Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna ak pata berip, edermen daýhanlara üstünlik arzuw eden pursadyndan bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, ýokary netijäniň gazanylmagy daýhan zähmetiniň anyk miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna ak pata berip, edermen daýhanlara üstünlik arzuw eden pursadyndan bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, ýokary netijäniň gazanylmagy daýhan zähmetiniň anyk miwesidir. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

 

Orazmät REJEPOW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.