Ahal province
logo

Latest news:
✦ HNGU-nyň talyplary emeli aň we startap mümkinçilikleri bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-nyň talyplary eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdylar ✦ ✦ Adamyň ýatkeşligi nähili işleýär? ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Zenanlar - durmuşyň gözelligi ✦ ✦ 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! ✦ ✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦
Home / Culture /Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy
  25.03.2024
583
Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy

21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Baýramçylyk günleri ýurdumyzyň ähli künjeginde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy.

 

 

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň: «Gelse nowruz äleme reň kylar jahan peýda» diýip wasp eden günleri berkarar Watanymyzda egsilmez şatlyga, ruhubelentlige beslendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Remezan aýyna gabat gelen rysgal-berekediň, ynsanperwerligiň, jebisligiň ajaýyp baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan dabaralar milli öwüşginlere, many-mazmunly çykyşlara baý boldy. Olarda halkymyzyň agzybirligi, bagtyýar durmuşy, däp-dessurlary, täze taryhy döwürde amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan zähmet ýeňişleri öz beýanyny tapdy.

 

 

Taryhy çeşmeler Nowruz baýramyny türkmen halkynyň has irki döwürlerden bäri belläp gelýändigini aýdyň tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Seljuk soltanlary döwründe uly tutumda bellenilen Nowruz baýramy mynasybetli «Nowruz sazlary» ýa-da Soltan Sanjaryň zamanasynda «Sanjary» diýlip atlandyrylan eserleriň bolandygyny bellemelidiris. Şol sazlaryň nota ýazgylarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynyň belli muzeýlerinde biziň günlerimize çenli saklanyp galandygy diýseň buýsançlydyr» diýip nygtaýar. Bu baýram hakynda ýakymly ýatlamalar geçen asyrlaryň edebiýatlarynda hem kän agzalýar.

 

 

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere, lälezarlyga beslenýän çagynda uludan toýlanýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni her bir adamyň kalbyny heýjana getirýär, buýsanja, guwanja besleýär. Halkymyzyň kalbynda we hakydasynda müdimi orun alan şunuň ýaly gadymy toýlarymyzy has uludan toýlamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, güneşli Diýarymyzda toýlanýan her bir toýuň dabarasy bütin dünýä ýaň salsyn!

 

Laçyn SABYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.