Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşleri, toplumlaýyn hem-de giň möçberli özgertmeleri üstünlikli ädimlere atarýar. Türkmenistan Watanymyzda milli ýörelgelerimizden ugur alyp, zenanlarymyza döwlet derejesinde uly hormat we sarpa goýulýar. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan anyk işler, olaryň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, çagalaryň döwrebap ösdürilmegi, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan kömek berilmegi we başga-da birgiden çäreler munuň aýdyň mysaly bolup biler. Täze taryhy eýýamda merdana halkymyzyň, milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny, parasatly däp-dessurlaryny nesilden-nesle geçirip, oňa hormat goýýan zenanlarymyz döwlet we jemgyýetçilik işlerine giňden gatnaşýarlar. Olar milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda yhlasly hem önjeýli zähmet çekýärler, ýaş nesli belent ahlak ruhunda terbiýeläp ýetişdirýärler. Maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, türkmen zenanlarynyň, gelin-gyzlarynyň döredijilik we aň-düşünjelerini has-da ösdürmek, olaryň hukuklaryny we mertebesini goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Zenanlarymyzyň, mährem enelerimiziň watansöýüji, berk bedenli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekdäki, dürli pudaklarda yhlasly zähmet çekip, gazanýan üstünlikleri döwletimiz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýaşaýyş-durmuş maksatly mümkinçilikleriň, giň şertleriň döredilmegi türkmen zenanlarynyň başyny göge ýetirip, kalplaryny buýsanja besleýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň berilmegi jemgyýetiň has-da kämilleşmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär. Bu günki gün Mähriban Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, peder ýoluny mynasyp dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň uly tagallalary esasynda paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk merkezleriniň, enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy kliniki merkezleriň, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň ählisi il-günümiz üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesi bolup durýar. Ýurdumyzda mährem enelerimize hormat goýmakda, zenanlarymyzyň hem gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belende galdyrmakda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler döwletlilikden nyşandyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň örküne, durkuna deňelýän eziz enelerimiziň, mähriban zenanlarymyzyň güler ýüzleri hemişe gülüp dursun, üstünlikler ýar bolsun!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.