Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Galkynyşly eýýamda zenan sarpasy belentdir!
  24.04.2023
618
Galkynyşly eýýamda zenan sarpasy belentdir!

Berkarar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda nurana geljegi nazarlaýan, giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, rowaçlyga beslenen milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, döwrümize hem ömrümize ýaraşyk berýän mährem enelerimize, zenanlarymyza belent sarpa goýulýar. Türkmenistan ýurdumyzda medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy aýawly saklaýan hem dowam etdirýän enelerimiz ojaklaryň söýesidir. Milletimiziň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly zenanlarymyz sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde uly yhlas edýärler. Ýurdumyzyň köp çagaly enelerine «Ene mähri» atly hormatly adyň dakylmagy, gender deňliginiň üpjün edilmegi zenanlary, gelin-gyzlary diýseň buýsandyrýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň: «Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir» diýip bellemegi, döwletimizde zenan mertebesiniň belentde arzylanýandygyndan habar berýär. Dana pederlerimiziň «Zenan — mähek daşy, öý-ojagyň diregi» diýen parasatly jümlesi milli ýörelgelerimizi alamatlandyrýar. Maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, türkmen gyz maşgalasynyň döredijilik we aň-düşünjesini ösdürmek hem el hünärine bolan höwesini kemala getirmek, zenanlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan kömek berilmegi ýaly çäreler munuň aýdyň mysalydyr. Kalplary buýsançly zenanlar, gelin-gyzlar bu gün eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine, özgerişlerine mynasyp goşant goşmak bagtyna eýe. Olar özleriniň kämil bilimini, döredijilikli zähmetini, ukyp-başarnyklaryny durmuş ýolunyň ähli pursatlaryna siňdirýärler. Ýurdumyzda zenan mertebesiniň şeýle belentde tutulmagy bagtyýar durmuşyň berkarar edilmeginiň nyşanydyr. Çünki şeýle parahat döwürde, bagtyýar eýýamda bagtly zenanlar, gelin-gyzlar Arkadagly Serdarymyzyň zenanlar baradaky edýän uly aladasyny duýup ýaşaýarlar. Ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler durky ajaýyplyga, kalby ýaza deňelýän käbelerimiziň, eli çeper, edep-ekramly gelin-gyzlarymyzyň köňüllerini joşdurýar. Täze taryhy eýýamda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, eziz enelerimiziň mertebesini beýgeltmek ugrunda uly işleri ýola goýýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun! 

 

Nurtäç MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 3-nji ýyl talyby.