logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy
  11.03.2023
2180
Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy

10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabara ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary, bagtyýar talyplar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Dabaraly maslahat Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy bilen açyldy. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Maslahatda ýaşlar, şahyrlar, döredijilik işgärleri çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda ýaş zehinli aýdymçylar aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.