Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyz ösüşiň kämil derejesi bagta barýan ak ýollarda batly ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Her bir tutumda bize nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Ata-babalarymyzyň ýörelge mekdebine uly hormat goýýan Alym Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa..” atly ajaýyp kitabynyň 4-nji baby hem “Halypa-şägirtlik däpleri” diýip atlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz “Perzende söz edebini, hereket edebini, kalp edebini öwretmek, ilkinji nobatda ene-atanyň borjy bolup durýar” diýip bellemek bilen, ene-atanyň ilkinji görelde we maşgala mekdebini kemala getirýändigini nygtaýar. Halkymyzyň arasynda: “Ussat – nagyşdyr, şägirt bolsa nagyş öwrenijidir”, “Ussat – agaçdyr, şägirt bolsa onuň kölegesidir. Egri ösen agajyň dogry kölegesi bolmaz” diýilýär. Halypa-şägirtlik ýoly babatda Muhammet Gazaly “Ylym hakynda” kitabynda: “Mugallymda üç häsiýet jemlense, kämillige ýeter: ylym öwretmäge sabyrlylyk, pespällik, gözel ahlak. Talypda üç häsiýet jemlense, kämillige ýetişer: akyl, edep, düşbülik” diýip ýazypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek, Hormatly Prezidentimiziň gol çekmeginde bu Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň durmuşynda orun alan ýatdan çykmajak pursatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara “Watan” diýen belent düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji deýin goramagy, ýürekden söýmegi terbiýelemek babatda möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmelidigini yzygider nygtaýar. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, bagtyýar geljegidir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesi biz üçin bahasyz ýol-ýörelgedir. Arkadagly Serdarymyzyň: “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen belent ynamyna jogap edip, yhlasly hem döredijilikli zähmetimiz bilen ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.
Halypa-şägirtlik mekdebini has hem ösdürip, kämilleşdirip, türkmen halkymyzy baky bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nury ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.