logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Culture /Gadymyýetden gözbaş alýan sungat
  20.06.2026
316
Gadymyýetden gözbaş alýan sungat

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň iň möhüm böleginiň biri milli saz sungatydyr. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen türkmen saz sungaty halkyň ruhy dünýäsini, däp-dessurlaryny we taryhyny özünde jemleýär. Türkmen saz sungatynda aýratyn orun eýeleýän saz gurallarynyň biri hem dutardyr. Dutar diňe bir saz guraly bolman, eýsem, türkmen halkynyň ruhy gymmatlygy, milli buýsanjy we medeni mirasydyr. Dutaryň owazy halkyň ýüregine ýakyn bolup, ol ençeme asyrlardan bäri nesilden-nesle geçirilip gelinýär.

 

Alymlaryň pikirine görä, dutar birnäçe müň ýyl mundan ozal peýda bolupdyr. Türkmenleriň arasynda dutar has-da kämilleşdirilip, milli aýratynlyklary özünde jemläpdir. Taryhy çeşmelerde türkmen bagşylarynyň dutary giňden ulanandyklary barada maglumatlar duş gelýär.

 

Gadym döwürlerde bagşylar halk arasynda aýlanyp, dutaryň sazyna goşup dessanlary aýdypdyrlar. Şeýlelikde, dutar diňe bir saz guraly bolman, eýsem, halk döredijiliginiň esasy serişdeleriniň biri bolupdyr. Türkmen bagşylary «Görogly», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr» ýaly dessanlary dutaryň sazynyň astynda ýerine ýetiripdirler.

 

Häzirki wagtda hem dutar öz ähmiýetini ýitirmän, türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Türkmen halkynda bagşyçylyk sungaty aýratyn orna eýedir. Bagşylar halkyň arasynda uly hormata eýe bolupdyrlar. Olar diňe bir aýdymçy bolman, eýsem, şahyr, sazanda hökmünde-de çykyş edipdirler. Bagşylar dutaryň sazyna goşup halk aýdymlaryny, dessanlary, gazallary ýerine ýetirýärler.

 

Türkmenistanyň taryhynda meşhur bagşylar köpdür. Şükür bagşy, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly ussat bagşylar türkmen saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşupdyrlar.

 

Dutar türkmen halkynyň gündelik durmuşynda, baýramçylyklarynda, toýlarynda we beýleki dabaralarynda giňden ulanylýar. Toý-dabaralaryň köpüsini dutarsyz göz öňüne getirmek kyn. Dutar sazynyň astynda ýerine ýetirilýän halk aýdymlary adamlaryň ruhuny göterýär, olara şatlyk paýlaýar.

 

Mergen ASDANOW,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen 

milli konserwatoriýasynyň talyby.