logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Culture /Gadymdan gelýän baýramçylyk
  21.03.2024
424
Gadymdan gelýän baýramçylyk

Bahar paslynyň gelmegi bilen gözel tebigatymyz bagy bossanlyga öwrülýär. Bilşimiz ýaly, bu pasylda ajaýyp baýramlarynyň biri bolan Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Nowruz türkmen halkynyň, galyberse-de bütin Gündogar halkynyň gadymdan gelýän baýramydyr. Aslynda Nowruz sözüniň manysy «Now»- täze, «ruz» - gün manylaryny berip, bu bolsa täze ýylyň täze güni diýmekdir. Tebigatyň janlanyp, zeminiň görke gelen pursady bellenilýär.

 

 

«Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!» diýip, bahar paslyny buşlan lirik şahyrymyz onuň säherlerini şeýle wasp edipdi: «Ir säherler çykyp salkyn eýwana, Daň atyp gelşin ýakyndan gördüm. Daň salamyn ýollap çygly otlara, Bileje çekişdim guşlaryň «derdin».

 

 

Dogrudan-da, bahar paslynyň säherleri şahyryň wasp edişi ýaly, örän üýtgeşik. Alys gözýetimiň gaýmagyny syryp, Günüň dogup gelşini ýakyndan görmegiň, asuda, parahat, abadan ýurdumyzda birek-birege ilkinji säher salamyny bermegiň, daň säheriniň çygly howasyndan säher bilen dem almagyň janyňa dermandygy öz-özünden görnüp dur.

 

 

Ynsan we tebigat — bu örän täsin hem ajaýyp sazlaşyk. Ynsan bilen tebigat bir göwrä öwrülip, durmuşy gözellige, ajaýyplyga, topragy ýaşaýşyň egsilmez çeşmesine, Zemini eşret mekanyna öwürýär. Häzir bu eşret mekanynda daň säherleri ajaýyp görke geldi. Dolan Aý gül ýüzi bilen agşamlaryna gülüp bakýar. Giň çöller özgerip, görke girýär. Zeminde zähmet gaýnap joşýar. Ýer bilen Asman arasynda gül çemenler birek-birege ýylgyryp bakýar hem-de ynsanlaryň kalbyna şatlyk paýlaýar. Mahlasy, türkmen topragy, gojaman Zemin yşkdan doldy. Altyn şapak gül görke giren sähralaryň gözelligine gözellik goşýar. Aýdym-sazyň, dutaryň ajaýyp owazy kalplary joşdurýar.

 

 

Ençeme asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten, dost-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň baýramçylygy bolan, bahar paslynyň ilkinji aýynda eziz Diýarymyzda uly şatlyk hem-de ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän Milli bahar baýramy ynsanlaryň şatlygyny goşalandyrdy.

 

 

Eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramynyň il asudalygynda ýurt abadançylygynda hormatly Prezidentimiziň daşyna barha jebisleşip bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň ähli raýatlaryny Asman-Zemini görke getirip, ynsanlaryň ruhuny galkyndyrýan bu baýramyň ýüreklerde bahar ýaly duýgulary oýarmagyny arzuw edeliň. Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, ruhlanyp zähmet çekmegi, biz ýaşlaryň okamagy, döretmegi barada aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Şahnoza ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler mnistrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.