Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýola goýýan belent başlangyçlary her bir türkmen raýatynyň kalbynda egsilmez joşguny döredýär. Täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz, gadymy milli ýol-ýörelgelerimiz gaýtadan dikeldilip, mynasyp derejede dowam etdirilýär. Kyn gününde syrdaş, ýow gününde gardaşy hasaplanylýan türkmen bedewi milli gymmatlygymyzdyr. Gadymy däplerimize, milli atşynaslyk ýoluna täzeçe röwüş çaýan, atçylygy ýokary derejede ösdürýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz bu babatda ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir. Mähriban Arkadagymyzyň: «Türkmen bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr» diýip belleýşi ýaly, türkmen bedewi halkymyz üçin gymmatly baýlykdyr. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly dabara, uly ruhubelentlikde bellenilmegi milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň aýdyň dabaralanmagydyr. Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi we oňa belli atşynaslaryň kabul edilmegi, paýtagtymyzyň hem welaýat merkezleriniň çäginde açylan atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy türkmen bedewiniň sarpasynyň belentdigine doly güwä geçýär. Şahyr şygrynda hem bellenilişi ýaly:
Merdana pederleň synmaz ruhy sen,
Goç ýigitleň ar-namysy – tugy sen,
Geçmişiň şuglasy, geljek nury sen,
Türkmen aslyýeti, ganynda bedew.
Çünki her bir güni üstünlikler bilen rowaçlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde özüniň owadanlygy, saýhally gylyk häsiýetliligi, ýyndamlygy hem-de düşbüligi bilen älemde tanalýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-baýlygydyr, göz-guwanjydyr, köňül buýsanjydyr, halal milli mirasydyr.
Temur KADIROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Kärdeşler Arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi.