logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Festiwala gatnaşyjylar gadymy Daşoguz topraklarynda
  15.11.2022
1126
Festiwala gatnaşyjylar gadymy Daşoguz topraklarynda

Şu gün ir säher bilen Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna bardylar. Mälim bolşy ýaly festiwala gatnaşyjylaryň düzüminde iki doganlyk halkyň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjydyr şahyrlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Bu ýerde iki doganlyk halkyň wekillerini türkmen däbine mahsus duz-çörekli garşyladylar.

Halk içinde «360 pirleriň mekany» diýlip tanalýan gadymy topragyň baý taryhy, gaýtalanmajak ýadygärlikleri festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu ýerde halklarynyň milli medeniýeti, sungaty, döredijilik söhbeti zyýaratyň täsirliligini has-da artdyrdy.