logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ertir Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişiler!
  01.06.2023
1191
Ertir Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişiler!

Ertir ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda edermen daýhanlarymyz Arkadagly Serdarymyzyň «Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip aýdan sözlerinden ruhlanyp, galla oragyna başlarlar.

Mälim bolşy ýaly, 26-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.