logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Economics /Energetika – ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji
  22.12.2025
290
Energetika – ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji

Energetika ulgamy häzirki zaman ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegidir. Energiýa serişdeleri ýurduň önümçilik kuwwatynyň, senagat ösüşiniň we durmuş abadançlygynyň esasy daýanjy bolup durýar. Şonuň üçin energetika ulgamy ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýär.

 

Baý tebigy gaz gorlaryna, elektrik energiýasyna we beýleki energiýa serişdelerine eýe bolan Türkmenistan energetika ulgamyny milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürýär. Energiýa serişdeleriniň maksadalaýyk peýdalanylmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam edýär.

 

Energetika ulgamynyň kämilleşmegi beýleki senagat pudaklarynyň işjeňleşmegine şert döredýär. Elektrik we ýangyç üpjünçiligi, energetika infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy önümçiligiň artmagyna, täze kärhanalaryň açylmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Munuň özi umumy içerki önümiň ýokarlanmagyna we ykdysady görkezijileriň gowulanmagyna täsir edýär.

 

Şeýle-de energetika ykdysadyýetiň halkara derejesindäki orny bilen hem berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan energetika serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak arkaly halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar, sebitara taslamalara gatnaşýar we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürýär. Bu ugurdaky işleriň alnyp barylmagy ýurduň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Energetika ulgamynda innowasiýalaryň we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýar. Energiýanyň tygşytly ulanylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi we ekologik durnuklylygyň üpjün edilmegi häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Şeýle çemeleşmeler ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýagdaýda alyp barmaga mümkinçilik berýär.

 

Geldimyrat GYLYJOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.