logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Economics /Energetika pudagynda sanly dolandyryş we akylly tehnologiýalar ornaşdyrylýar
  01.01.2026
192
Energetika pudagynda sanly dolandyryş we akylly tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Häzirki döwürde energetika pudagy diňe önümçilik kuwwaty bilen däl, eýsem onuň dolandyrylyş usuly bilen hem ölçelýär. Sanly dolandyryş ulgamlary we akylly tehnologiýalar häzirki zaman energetika ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýan, howpsuzlygyny pugtalandyrýan we durnukly ösüşi üpjün edýän esasy gurallar hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan hem hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirýän döwlet syýasatynda energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly çözgütleri giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

 

Sanly dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy ilki bilen maglumatlaryň takyk we dessine toplanmagyna mümkinçilik berýär. Akylly ölçeg enjamlary, sensorlar we maglumat geçiriş ulgamlary energiýanyň öndürilişi, sarp edilişi we tehniki ýagdaýy yzygiderli nazarda saklamaga şert döredýär. Toplanan maglumatlar seljerilip, energiýa akymlary netijeli dolandyrylýar, ýitgiler azaldylýar we öndürijilik ýokarlandyrylýar. Netijede, sanly dolandyryş energetika ulgamynyň ykdysady taýdan has netijeli işlemegine ýardam berýär.

 

Akylly tehnologiýalar howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrýar. Tehniki näsazlyklary, enjamlaryň könelmegini ýa-da heläkçilik howpuny öňünden kesgitleýän akylly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy abatlaýyş işleriniň wagtynda geçirilmegine mümkinçilik döredýär. Bu ýagdaý diňe çykdajylary azaltman, eýsem işgärleriň howpsuzlygyny we energiýa ulgamynyň durnuklylygyny hem üpjün edýär.

 

Sanly dolandyryş we akylly tehnologiýalar energetika pudagynyň geljegini kesgitleýän esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän döwrebaplaşdyrma syýasaty netijesinde, sanly çözgütleriň giňden ulanylmagy ýurdumyzda energiýa howpsuzlygyny berkitýär, ykdysady netijeliligi ýokarlandyrýar we Türkmenistanyň durnukly ösüş ýolunda ygtybarly ädimlerini üpjün edýär.

 

Şabibi GARAÝEWA,
 
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.