logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Ene mukaddesliginiň belent sarpasy
  13.03.2023
1499
Ene mukaddesliginiň belent sarpasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda zenan mertebesi belentde sarpalanýar. Dünýäniň görki, ojagyň diregi bolan mähriban enelerimizi hormatlamak, enäniň mertebesini belentde sarpalamak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Enäniň görüm-göreldesi, ýol-ýörelgesi ýaş nesillere terbiýe mekdebidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri her ynsanyň kalbyna mähir bolup ornady. Ene mukaddesligini dolulygyna açyp görkezýän bu ajaýyp eser dünýämizä täze bir öwüşgin çaýdy. Ene mukaddesligi milli röwüşde beýan edilen bu gymmatly eser mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýulýan belent sarpanyň belentdedigini äşgär edýän söýgi bolup kalplara ýol salýar. Ýurdumyzda enelere, gelin-gyzlara goýulýan sarpa her bir raýatlarymyzy yhlasly zähmete ruhlandyrýar, jemgyýetimizde gelin-gyzlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynyň ajaýyp üstünlikleri gazanmaga ýol açýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzda eneligi goramaga gönükdirilýän maksatnamalaýyn işleriň barha rowaçlanýandygy diýseň buýsandyryjydyr. Ene mukaddesligi beýik söz sungatynyň, halk döredijiligimiziň üsti bilen çäksiz ylham, joşgun bilen beýan edilýär. Çünki ene – ýaşaýşyň gözbaşy, ähli zadyň sakasy hökmünde arzylanýar. Mährem enelerimiz öz perzendini dünýä getirip, oňa ene dilini öwredip, edep-terbiýe berip, täze bir dünýäniň başlangyjyny goýýar. Enäniň çäksiz yhlasy, ýagşy göreldesi esasynda kemala gelen bagtly nesil bolsa tutuş bir ýurdy, bütin dünýäni özgertmäge, has hem gözelleşdirmäge ukyply bolýar. Ene mukaddesligine, ene söýgüsine, ene mährine dünýädäki iň beýik zat hökmünde baha berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Meniň üçin ähli eneleriň hem doga zehinlidigi, düşbüligi, pähimlidigi, ukyplydygy baradaky düşünje adaty zat. Tebigatyň eneleri owalynda ýaradyşy hem şeýle. «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» kitaplarymy ýazanymda-da, bu hakykata ýüzlenipdim. Türkmen zenanlary il-halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý eden mähribanlar. Olaryň zehini hem paýhasy maşgalanyň berkliginiň binýady» diýip bellemegi bolsa, türkmen zenanlarynyň akyl-paýhasyna we olaryň ajaýyp sungatlaryna goýlan belent sarpany açyp görkezmek bilen bir hatarda, enäniň akyl-paýhasynyň her bir maşgalanyň berkliginiň, mizemezliginiň kepili bolup durýandygyny şöhlelendirýär.

 

Maýa SEÝIDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.