logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /«Ene döwletlilik» atly bäsleşik geçirildi
  05.04.2022
999
«Ene döwletlilik» atly bäsleşik geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda «Ene döwletlilik» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan zenanlar gatnaşdy. Bäsleşikde Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň etdiler we «Ene — her bir ynsan üçin ýakymly hem lezzetli hakyda», «Çaga terbiýesinde hüwdiniň gudraty», «Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly» atly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Hormat hatlary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.