logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Technology /Emeli intellekte gadymy ýazuwy terjime etmek öwredildi
  23.05.2023
822
Emeli intellekte gadymy ýazuwy terjime etmek öwredildi

Mälim bolşy ýaly, häzirki innowasiýalaryň ösen döwrüniň her güni täze-täze üstünlikler, tehnologiki açyşlar, ylmy täzelikler bilen baýlaşýar. Açylýan täze taslamalar gündelik durmuşa tizlik bilen ornaşýar. Elbetde, bu bolsa durmuşyň islendik ugurlarynda bolup geçýän prosesleri ýeňilleşdirmäge şert döredýär.

Ysraýyl hünärmenleri emeli intellekte klinopisde iňlis diline terjime etmek üçin programma döretdiler. Ony akkad dilindäki tekstleri düşündirmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

Klinopis – bu iň gadymy ýazuw ulgamlaryndan biridir. Alymlar bu alamatlaryň manysyny açmak üçin birnäçe wagty, ylmy gözlegleri sarp etdiler.

Tel-Awiw uniwersitetiniň we Ariel uniwersitetiniň alymlary iki sany emeli intellekt modelini taýýarladylar. Biri akkad tekstini şunuň görnüşinden latyn diline öwürýär, ikinjisi icunikod standartyny ulanýar. Ilkinji model iň täsirli boldy. Synaglaryň dowamynda 37.47 bal gazandy. Bu, netijeleriniň häzirki zaman dilinden beýlekisine adaty maşyn terjimesi ýaly takykdygyny aňladýar. Alymlar, akkad diliniň häzirki zaman dilleri bilen 2000 ýyldan gowrak medeni tapawudynyň bardygyny göz öňünde tutup, muny «ylym we tehnologiýa dünýäsindäki ajaýyp üstünlik» diýip bellediler.

Şeýle-de ylmy eseriň awtorlary: «Täze tehnologiýa, gadymy taryhy öwrenmegi rewolýusiýa edip, has elýeterli we has köp tomaşaçy üçin açyk bolar» diýip belledi.

Arheologlar häzire çenli, gadymy Mesopotamiýadan ýüzlerçe müň palçykdan ýasalan tapyndylary tapdylar, bu ugurda tapylan galyndylar hünärmenleriň terjime edip biljek derejesinden has kän. Şonuň üçin köp mukdarda maglumatlary gaýtadan işlemäge ukyply bolan emeli intellekt döretmeklik netijeli häsiýete eýe bolup biler. Mundan biraz wagt öň, gadymy amforany dikeltmek üçin emeli intellekt ulanmak kararyna gelnipdi. Ýöne ol belli bir sebäplere görä dowam etdirilmedi we üsti ýetirilmedi. 

 

Nurly TÄÇDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.