logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /«EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär
  16.03.2026
542
«EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýanyň paýtagtynda geçiriljek «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy baradaky teklibi goldady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu halkara sergide «Türkmenistan – parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar bilen milli pawilýonyny görkezer. Bu konsepsiýa Belgradda geçiriljek serginiň «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen umumy mowzugy bilen sazlaşykly utgaşýar.

 

Mejlisiň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýew ýurdumyzyň pawilýonyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda pawilýonyň gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, milli medeni mirasyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini giňden görkezjek diwarlyklaryň bezeg we enjamlaşdyryş taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

 

Döwlet Baştutanymyz şeýle halkara forumlara işjeň gatnaşmagyň Türkmenistanyň gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleri degişli derejede dowam etdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Maýa GURDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.