Daşky gurşawa aýawly garamak we ony gorap saklamak her birimiziň borjumyzdyr! Eziz Diýarymyzyň her bir künjegi gül - gülzarlyga beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Global meseleleriň esasylarynyň biri hem ekologiýa meselesi bolup, Türkmenistan BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle-de BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär we şeýle, hem bolsa döwletimiziň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilýänliginden habar berýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüninde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa taýdan ähmiýetli, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde bolsa, daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Selbi ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.