Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ABŞ-nyň Kent uniwersitetinde dabaraly bellenildi ✦ ✦ Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy
  28.06.2024
209
Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy

Halkymyz ekerançylygyň gadymy medeniýetini döretmek bilen, müňýyllyklaryň dowamynda ekerançylyk meýdanlaryny özleşldirip, bu ugurda toplan baý tejribelerini nesilden-nesle geçiripdirler. Ekerançylyk medeniýetiniň köp asyrlyk milli däpleri hakynda sergi gymmatlyklary giňişleýin düşünje berýär. Bu ýerde zähmet gurallary, ýerleri işläp bejermekde gadymy döwürlerde ulanylan senetler, ak bugdaýyň ýetişdirilişi, dänäniň üwelişi görkezilýär. Şeýle hem gadymy döwürde pederlerimiz bugdaýy el, suw we ýel degirmenleri arkaly üwäpdirler hem-de mukaddes tamdyrlarda datly çörekleri bişiripdirler.

 

Ekerançylyk – bu azyklyk, tehniki we ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek hem-de olardan bol hasyl almak bilen meşgullanýan oba hojalygynyň esasy önümçilik pudagydyr. Türkmenistanyň ekerançylygy-nyň esasy ileri tutulýan pudaklaryna däneçilik, pagtaçylyk, şalyçylyk, şugundyrçylyk we beýlekiler degişlidir. Oba hojalyk ylmy hökmünde ekerançylyk ýerleri netijeli peýdalanmagyň, topragyň gurplulygyny artdyrmagyň hem-de oba hojalyk ekinlerinden durnukly ýokary we özüne düşýän gymmaty pes hasyl almagyň öňde baryjy usullaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.

 

Ekerançylyk ýer ýüzünde 1000-lerçe ýyl mundan öň döremek bilen adamzat jemgyýetiniň ýüze çykmagynda we onuň ösüp kämilleşmeginde uly ähmiýete eýdir. Ol özüniň ösüş taryhyny ilkidurmuş jemgyýetiniň ýönekeýje usullaryndan başlap, birnäçe basgançaklary geçip, häzirkizaman ýokary tilsimatly ekerançylyk derejesine ýetendir. Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň täze häzirki zaman tilsimatlaryny işläp düzmekde, ekerançylygyň ol ýa-da beýleki pudaklarynyň ykdysady taýdan peýdalydygyna ýa-da pes netijelidigine göz ýetirmegiñ möhüm ähmiýeti bardyr. Emma ekerançylygyň tutuş ulgamyna, onuň her bir çärelerine, ekerançylygyň kanunlaryna we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryna doly göz ýetirmezden onuň ykdysady taýdan netijelidigine ýa-da däldigine ylmy esasda doly we dogry baha bermek mümkin däldir. Şoňa göräde oba hojalygy bilen iş salyşýän her bir hünärmeniň ekerançylyk we onuň ulgamy barada çuň düşünjesiniň we giň gözýetiminiň bolmagy zerurdyr.

 

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň mugallymy.