logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /«Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly şu ýylyň güýzünde geçiriler!
  13.06.2023
1160
«Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly şu ýylyň güýzünde geçiriler!

Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly şu ýylyň güýz paslynda ýagny, 28-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda geçiriler. Täze möwsüm beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň (1938-1983) 85 ýyllygyna bagyşlanýar. Taslamanyň awtory kompozitor Mamet Guseýnow bolup durýar.

VII gezek geçirilýän festiwalyň çäginde konsertler, häzirki zaman türkmen suratkeşiniň sungat sergisi, film görkezilişi, Nury Halmämmedowyň wokal ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolar.

Etno-medeni däplere esaslanýan akademiki sazyň iň gowy ýerine ýetirilmegi üçin sazandalaryň bäsleşigi üçin arzalar hem kabul edilýär. Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, oňa dünýäniň dürli künjeklerinden sazandalar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň hünärleriniň arasynda: wokal sungaty, saz gurallary (kirişli, üflenip çalynýan, pianino, halk orkestr gurallary) bar. Nominasiýalar: solistler, duetler, üçlük, ansambllar – gurally, wokal we wokal-gural. Her hünärde öz emin agzalarynyň başlygy bolar we düzümine Russiýanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň saz sungatynda öňdebaryjy şahsyýetleri girer.

Resminamalar we wideo arzalar bäsleşigiň resmi web sahypasyna tabşyrylmalydyr. Arzalar 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Festiwalyň esasy maksady adamlary bir ýere jemlemek, halk diplomatiýasyny ösdürmek, hoşniýetli goňşuçylygy we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, Russiýa we GDA ýurtlarynyň etno-medeni däplerini gorap saklamak bolup durýar. 

 

Seýilhan NARMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň uly mugallymy.