logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /DUTAR – TÜRKMENIŇ HALKYNYŇ MILLI SAZ GURALY
  15.05.2023
1241
DUTAR – TÜRKMENIŇ HALKYNYŇ MILLI SAZ GURALY

Dutar türkmen halkynyň köp asyrlyk aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Türkmeniň aýdym-saz dünýäsinde has ýörgünli saz gurallaryndan biri-de dutardyr. Dutar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýada dürli halklaryñ arasynda, ýörgünli gural hökmünde tanalýar.Dutar 3 bölekden ybarat bolup, 1-nji bölege kädi ady, 2-nji bölege sap, 3-nji bölege bolsa gapak ady berildi. Dutaryň kädi bölegi tut agaçdan ussalaryň öz usullaryna görä uly we kiçi görnüşinde yasalyar. Dutaryň sap bölegi bolsa erik agajyndan ýasalýar. Bu böleklerin ikisi-de agajyň ortarasyndan kesilip yasalyar. Dutaryň gapak, bölegi bolsa tut agajyndan ýasalýar. Bulardan başga dutaryň 2 sany kirşi we 13 sany perdesi bardyr. Mälim bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin gymmatly bolan dessurlar we özboluşly aýratynlyklaryň görnüşleri Maddy däl medeni mirasyň bütindünýä sanawyna girizilýär. Asyrlaryň dowamyndan bäri dutar, türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol türkmen aýdym-sazynyň esasy žanrlarynyň ählisinde ulanylýandyr.

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu çözgüt Guramanyň Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilýän 16-njy mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berlen hödürnama gutarnykly seljermeden geçdi we bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň sanawyny artdyrdy.

 

Maksat AKYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy.