Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Dutar mukamy – asyrlaryň ruhy joşguny
  01.03.2023
655
Dutar mukamy – asyrlaryň ruhy joşguny

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz, medeniýetimiz belent derejede sarpalanýar. Bu günki gün türkmen dutarynyň we bagşyçylyk sungatynyň ýeten belent derejesi ilkinji nobatda Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dikeltmek we ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek babatynda alyp barýan giň gerimli işleriniň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň barha rowaçlanýan medeni diplomatiýasy halkara giňişliginde belent abraýdan peýdalanýar. Eziz ýurdumyzda milli mirasy goramak, dikeltmek we halkara derejesini beýgeltmek babatynda alnyp barylýan giň gerimli işler ösüşlere beslenýär. Tutuş ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrülen «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly wakadyr. Munuň özi ýurdumyzyň hoşniýetli gatnaşyklara gönükdirilen medeni diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňişi bolup, milli mirasymyzyň we medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň aýdyň mysalydyr.  Dutar - türkmen toýlarynyň dabarasy, asyrlaryň ruhy joşguny. Onuň ajaýyp mukamy – parahatçylygyň şirin owazy. Bu sungatyň bagşyçylyk ýollarynyň özboluşly däpleri halypadan şägirde geçip, dowamat dowam bolup gelýär. Çünki, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli-medeni, taryhy ähmiýetli mirasymyz bagtyýar zamanamyzda belent heň bilen durmuşymyzy bezeýär, göwünlere ganat berýär. Bu sungat köňülleriň kelamy bolup ynsanlary jebisleşdirýär. Dutar senetçiligi olaryň çeper döredijiliginiň, gözlegleriniň kämil önümidir. Çeper döredijiligiň ussatlary bolan halkymyz türkmen milli saz gurallaryny ýasamagy hem sungat derejesine ýetiripdirler. Berkarar döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gymmaty ebedi bolan milli saz gurallary senetçiligini ösdürmek, pederlerimizden miras galan bu senetçiligiň dünýä medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, ynsana egsilmejek ruhy lezzet berýän ajaýyp sungatymyzy, türkmen milli saz mirasymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, we geljekki nesillere ýetirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Ynsan kalbynyň ruhy ganatyna öwrülen dutar owazynyň jadylaýjy heňi, halkymyzyň nusgawy gymmatlyklary bolan milli saz gurallarymyzyň öwrenilmeginiň, ösdürilmeginiň rowaçly menzillerine giň ýol açýan Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. 

 

Aýjemal AŞYRGULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary 
taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.