logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Dünýädäki iň kiçi uzakdan dolandyrylýan robot ýasaldy
  14.01.2023
1262
Dünýädäki iň kiçi uzakdan dolandyrylýan robot ýasaldy

Northwestern uniwersitetiniň alymlary ýarym millimetr ölçegdäki leňňeç ýaly ýöreýän dünýädäki iň kiçi uzakdan dolandyrylýan roboty döretdiler. Bu mikro robot örän çeýe bolup epilip, süýnip, ýöräp, öwrülip we böküp bilýär.

Bu kiçijik robotlar şekil ýady materiallaryndan peýdalanyp ýasalypdyr. Bu erginler gyzdyrylanda gerekli tizlige gaýdyp gelýär. Örtülen inçe aýna gatlagy, ýylylyk daşky gurşawdan aýrylanda öňki deformasiýa görnüşine gaýdyp gelýär.

Ýylylyk - dolandyryş lazer skaneri bilen gönüden-göni robota iberilýär. Robot juda kiçi bolanlygy sebäpli ýylylyk gaty çalt ýaýraýar. Aslynda, ýylylyk şeýle çalt ýaýraýar welin, sekuntda 10 aýlaw tizligine ýetýär.

Uzakdan dolandyrylýan robotlar diňe bir açyk meýdanlara däl eýsem suwuň üstüne gonup, suwa çümmezden birnäçe wagtlap saklanyp bilýärler. Bu mikro robotlar birnäçe dereje sowuga we gyzgynlyga hem çydamlydyr. Robotlar ereme temperaturasyna çenli öz şekilini saklaýarlar. Alymlar geljekde şeýle robotlaryň 3D printerlerde öndürilip bilinjekdigini mälim edýärler.

Alymlar bu robotlary lukmançylyk pudagynda käbir keselleri bejermekde ulanyp boljakdygyny belleýärler. 

 

Kemal GURBANGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.