logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / In the world /Dünýä türkmenleri jebisleşdirýän maslahat
  13.09.2025
314
Dünýä türkmenleri jebisleşdirýän maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda parahatçylygy, ynanyşmagy, agzybirligi, dostlugy, ynsanperwerligi ýaly tutuş adamzat ähmiýetli gymmatlyklary hemişe we ähli babatda ileri tutmaga çagyrýan dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirýär.


Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk toý dabaralarynyň çäklerinde döwlet we halkara ähmiýetli wakalardyr çäreler giň gerime eýe bolýar. 2025-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna daşary ýurt we ýerli bölümleriniň agzalary gatnaşdylar. Bu bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň aýdyň güwäsidir.


Garaşsyz Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini we sungatyny, milli däp-dessurlaryny, taryhyny, dilini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen bu birleşik dünýä türkmenleri jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi.


Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan gurnalan göçme sergisinde parahatçylygy, gülläp ösüşi we rowaçlygy, milli ýörelgeleri hem-de gymmatlyklary, aýdym-saz sungatyny şöhlelendirýän nakgaş, heýkel eserleri, Garaşsyzlyk binasynyň, Bitaraplyk binasynyň we Abadançylyk binasynyň şekilleri görkezildi. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän milli sungaty biziň günlerimize gelip ýetipdir we bu sungat dürli döwürleri, nesilleri baglanyşdyrmak arkaly has döwrebap derejä çykaryldy. Sergä aýratyn milli öwüşgin berýän zergärçilik eserleri, at şaý-sep toplumy, halylar we haly önümleri, nagyşly küýzeler  türkmen amaly-haşam sungatynyň çeper däpleriniň özboluşlylygyna  göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.


Mukaddes Garaşsyzlyk toýuna gabatlanyp geçirilýän dünýä türkmenleriniň maslahaty ýer ýüzüniň ençeme ýurdunda ýaşaýan watandaşlarymyzyň wekillerini uly hem döwletli maslahata ýygnamaga, ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirilmäge giň mümkinçilik döredýär.

Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.