Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça halkara maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti FFD4 halkara maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Sanly ulgam — döwrebap ösüş ✦ ✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Dünýä nusgalyk türkmen milli halyçylyk sungaty
  06.03.2023
978
Dünýä nusgalyk türkmen milli halyçylyk sungaty

Bagtyýar döwrümizde Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli halyçylyk sungatynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbiniň gaýtadan dikeldilmegine we mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýär. ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawynda orun alan bu gymmatly sungaty guramanyň bilermenleriniň türkmeniň halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has belende galdyrdy. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň halyçylyk sungaty, ahalteke bedewi, alabaý ýaly gymmatlyklary, maddy we ruhy medeniýetiniň ençeme görnüşleriniň ýokary derejede arzylanmagy bellärliklidir. Türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň dür dökülýän ellerinden çykýan ajaýyp hem nepis halylar göreni haýran edýär. Milli medeniýetiň däplerinde öz ähmiýeti boýunça ägirtlige barabar bolan bu sungat türkmen halkynyň tutuş ýaşaýyş pelsepesiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mähriban Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», şeýle hem «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinde bu beýik sungatyň ruhy we maddy medeniýetiň baý gory hökmünde sarpalanýandygy, dokmaçylygyň täsin däpleri, türkmen halylarynyň gözel nagyşlary we nyşanlary dogrusynda giňişleýin beýan edilýär. Munuň özi  halyçy ussatlarymyzyň ýokary çeperçilik zehinini ykrar edýär. Nepis türkmen halysy halkyň ruhy özboluşlylygynyň we beýik baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, ýurdumyzyň binagärçilik bezeginiň aýrylmaz düzümi bolup hem çykyş edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki türkmen halysynyň milli muzeýleri ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýar. Deňsiz-taýsyz çeper eserler bilen deňleşdirilen ajaýyp halylarymyz – halkymyzyň gymmatly genji-hazynasydyr. Türkmen halysynyň şan-şöhratyny täzeden dikeltmek işine aýratyn orun berýän, türkmen halylaryna belent sarpa goýýan, olaryň meşhurlygyny dünýäde giňden wagyz etmek babatdaky asylly işlere mynasyp badalga berýän, hemmetaraplaýyn goldawy bilen bu gadymdan gelýän senediň täzeden galkynmagy we gülläp ösmegi üçin beýik işleri ýola goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys! 

 

Baýramsoltan MÄMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.