Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça halkara maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti FFD4 halkara maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Sanly ulgam — döwrebap ösüş ✦ ✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Dünýä edebiýatynda yz galdyran beýik söz ussady
  02.03.2023
691
Dünýä edebiýatynda yz galdyran beýik söz ussady

Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ruhy sütünlerimiziň biri bolan Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde bagtyýar ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň milli we ruhy mirasyny ylmy esasda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda tutumly işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alymlarymyza, şahyrlarymyza bagyşlanyp, halkara ylmy-amaly maslahatlar, dürli medeni çäreler geçirilýär. Olaryň eserleri dürli dillere terjime edilýär. Türkmeniň taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Ol diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da görnükli yz galdyran beýik söz ussady, parasatly, akyldar şahyrdyr.

Gahryman Arkadagymyz: «Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» diýip belleýär. Jöwher paýhasa ýugrulan bu jümleler agzybirlik, Garaşsyzlyk, berkarar döwlet, Magtymguly Pyragy ýaly mukaddeslikleriň bir bitewüligi emele getirýändigine ýene bir gezek güwä geçýär. Bütin ömrüni halkyň ykbalyna bagyş eden Magtymgulynyň döredijilik älemi baý we köptaraplaýyndyr.

Peder ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde-de edebi mirasymyz baradaky ýokary derejeli hem dowamly işleriň gerimi barha giňeýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen 2014-nji ýyly «Magtymguly Pyragy ýyly» diýip atlandyrmak we şol ýylda şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygynyň döwlet derejesinde tutuş ýyl boýunça bellenilmegi şahyra goýulýan belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. 2014-nji ýylda alymlarymyz, Magtymgulyny öwrenijiler tarapyndan birnäçe ylmy işler ýazyldy. Şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edilip, birnäçe kitaplar neşir edildi. Şeýle hem 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek barada Karara gol çekilmegi dana atamyz Magtymguly Pyraga, dana pederlerimize, medeniýetimize hem sungatymyza bolan sylag-hormatyň nyşanydyr. 

 

Humaý MUHAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.