logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek
  14.05.2026
440
Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek

Häzirki wagtda bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy iňlis dilini öwretmegiň hilini has-da ýokarlandyrýar. Döwrebap usullar okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen birlikde, olaryň dili çuňňur özleşdirmegine ýardam berýär.

 

Interaktiw oýunlar, testler, dialoglar we rollar boýunça çykyşlar sapaklaryň täsirli geçmegine mümkinçilik döredýär. Şeýle usullar okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürýär we olaryň döredijilik ukybyny açýar.

 

Audio-wizual serişdeleriň ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Wideodüşürilişler, ses ýazgylary we elektron prezentasiýalar okuwçylaryň täze maglumatlary has ýeňil kabul etmegine ýardam berýär.

 

Şeýle hem jübüt we toparlaýyn işler okuwçylaryň özara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Olar biri-birleri bilen iňlis dilinde gepleşip, täze sözleri we grammatik gurluşlary iş ýüzünde ulanýarlar.

 

Döwrebap usullar arkaly guralýan sapaklar ýaşlaryň daşary ýurt dillerini gyzykly, täsirli we netijeli öwrenmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa bilimli, giň dünýägaraýyşly we halkara derejede bäsleşige ukyply ýaş nesli kemala getirmäge hyzmat edýär.

 

Ogulgül MYRADOWA,

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň
iňlis dili mugallymy.