logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Döwletjan Ýagşymyradow 12-nji aprelde Las-Wegasda Jeýkob Nedo bilen tutluşar
  13.03.2024
863
Döwletjan Ýagşymyradow 12-nji aprelde Las-Wegasda Jeýkob Nedo bilen tutluşar

Söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow (21-7-1) «PFL-2024» ligasynyň regulýar möwsümindäki ilkinji tutluşygyny geçirmäge taýýarlanýar. Onuň nobatdaky garşydaşy 8 ýeňşi hem-de 1 ýeňlişi bilen professional rekorda eýelik edýän 27 ýaşyndaky sloweniýaly söweşiji Jeýkob Nedo bolar.

 

34 ýaşly Ýagşymyradow bilen Nedonyň tutluşygy 12-nji aprelde Las-Wegasda (ABŞ-nyň Newada ştaty) geçer. Bu tutluşyk ähli gatnaşyjylaryň çempionlyk guşagy hem-de 1 mln amerikan dollaryna barabar bolan baýrak ugrunda oktagona çykjak ýaryşynyň — «PFL-2024» Gran-prisiniň bir bölegine öwrüler.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, «Professional Fighters League (PFL)» Amerikanyň garyşyk söweş sungaty boýunça ýaryşlary geçirmäge ýöriteleşen öňdebaryjy guramasydyr.

 

«PFL» 2023-nji ýylyň noýabrynda Döwletjan Ýagşymyradowyň 2021-nji ýylyň aprelinden bäri çykyş edip gelýän «Bellator» guramasynyň bäsleşikleri üçin hukuk aldy. Promouşenleriň birikmeginden soň, «PFL-iň» esaslandyryjysy Don Dewis «Bellatoryň» öňki söweşijileriniň ählisiniň «PFL-iň» sanawynda boljakdygyny we guramanyň ýaryşlaryna hem-de beýleki çärelere gatnaşyp biljekdigini habar berdi.

 

Döwletjan Ýagşymyradowyň «Bellator 300-iň» çäginde geçiren ahyrky tutluşygynda polşaly M.Rozanskini ýeňendigini ýatladýarys.

 

Pälwan JUMADURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.