logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Döwlet serpaýlary dabaraly gowşuryldy
  09.05.2021
624
Döwlet serpaýlary dabaraly gowşuryldy

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günimiz toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan ugrunda göreşen gerçeklerimize, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de, tylda zähmet çeken enelerimize hemişe uly sarpa goýulýar we bularyň beýle Gahrymançylygy hiç haçan ýatdan çykmajak şöhrata eýedir. Ynha şu gün hem Beýik ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli dabara etrabyň Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap harby wekilliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Medeniýet bölüminiň bilen bilelikde gurnamaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Şeýle-de, dabara edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular , mährem eneler gatnaşdylar. Dabarada jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem-de ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, toý ruhuna beslenen zala ýygnanan bagtyýar raýatlary Beýik Ýeňişiň 76 ýyllygy mynasybetli gutladylar we etrabymyzda uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan hem-de tylda zähmet çeken enelere çäksiz sylag-sarpa goýulýandygy barada gürrüň etdiler. Olar çykyşlaryna Beýik Watançylyk urşunda  ildeşlerimiziň görkezen edermenliginiň bu gün ýaş neslimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdigi, uruş weteranlarynyň we ýar ojagyny saklap oturan mährem eneleriň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekdäki asyl göreldeleriniň halkymyzy buýsandyrýandygy hakynda aýtdylar.

        Dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda işlän enelere etrap häkimliginiň,  etrabyň kärdeşler arkalaşygynyň, etrabyň Ýaşlar guramasynyň, etrap Demokratip partiýasynyň, etrabyň Agrar partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary hem dabaraly gowşuryldy.

       Dabara etrabymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent joşguna beslenen baýramçylyk çykyşlaryna utgaşdy. Etrabymyzyň tanymal ussatlarynyň çykyşlary göwünlere ruhubelentlik çaýdy. Joşgunly aýdym-sazlarda millilige ýugurlan tanslarda ajaýyp döwrümiziň, asuda asmanymyzyň, eziz Diýarymyzyň, halkymyzy eşretli günleriniň, Watan gerçekleriniň waspy ýetirildi. Bu çykyşlar hemmelere egsilmez şatlyk paýlady.