Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Şekillendiriş sungaty durmuşyň ähli taraplaryny görkezmäge ukyply bolan ajaýyplykdyr. Sungatda durmuşdaky her bir wakalar çeper beýan edilýär. Durmuş gözelliklerini wasp etmekde suratkeşler, halyçylar galyberse beýleki döredijilik jemgyýeti hem özüniň yhlasly zähmetini görkezýärler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine goňşy döwletleriň ählisi bilen özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirildi. Oktýabr aýynyň 31-de dost-doganlyk hyzmatdaşlygy yzygiderli öňe goýulmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen Italiýa Respublikasynyň “Şekillendiriş sungaty” akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikir alşyldy we geljekki netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek maksady bilen ähtnama gol çekildi. Bu hem dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrýandygynyň subutnamasydyr. Italiýanyň sungatşynaslary, professor mugallymlary bilen birlikde duşuşyk geçirilip, Italiýanyň hem-de Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda yz galdyran halypalar barada söhbetdeşlik geçirildi we olaryň ýerine ýetiren döredijilik eserleri bilen tanyş edildi. Türkmen suratkeşleri özleriniň saýlap alan mazmunly pikirlerini dogry hem täsirli beýan etmek üçin dürli görnüşli eser meýdançalaryny saýlap alyp, Watanymyzyň gözelligini wasp edýärler. Dünýä belli nakgaşlyk akymlarynyň käbiriniň türkmen halylarynda jemlenmegi dogrusynda, kulalçylyk we zergärçilik sungaty barada giňişleýin gürrüň berildi.
Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam respublikasynyň syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisiniň dabaraly açylmagy bilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi, iki döwletiň dost-doganlygynyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda birnäçe gün dowam etjek syýahatçylyk we amaly-haşam sungatyna bagyşlanylan birnäçe eserler sergilenildi. Bu medeni hyzmatdaşlygyň netijesinde goňşy döwletleriň sungatyny has içgin öwrenip, söhbetdeş bolmaga uly mümkinçilik döredildi. Sergide türkmen we eýran haly dokmaçylygynda ulanylýan nagyşlara, olaryň ýüpekden dokalmagy bilen nepis we kämil tilsimler bilen dokalandygyny görmek bolýar. Halylar gönüburç, dörtburç, tegelek, ýarym tegelek ýaly taslama görnüşde dokalypdyr. Olaryň nagyşlarynda esasan ösümlikler, haýwanlar, durmuşy sahnalar şertli nagyş görnüşinde şekillendirilipdir. Netjarçylyk sungatyna degişli bolan birnäçe sany sowgatlyk önümleri, tekjeleri we beýleki agaç önümlerinden öý hojalygynda peýdalanylýan esbaplar ýerine ýetirilipdir. Geljekki ýyllarda döwlet derejesinde geçirilýän sergileriň yzygiderli bolmagyny, zehinli suratkeşleriň ýaş nesillere öwrenmäge döredijilik eserleriniň köp bolmagyny we mundan beýläk-de galamlarynyň uçlarynyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris.
MAGTYMOWA Bahar,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy