Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan medeni hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeniýetiniň, aýdym-saz sungatyny, däp-dessurlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde netijeli işlere badalga berilýär. Häzirki döwürde bu ugurda Türkmenistan ýurdumyzda halkara sungat festiwallary we konsertler yzygiderli geçirilýär we munuň özi dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
BMG-niň ýöriteleşen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» girizilmegi her birimizi galkyndyrdy. Çünki gadymy türkmen topragy milli aýdym-sazlary dünýä çykaran medeniýet hem sungatyň ösen mekanydyr. Beýik halypalarymyzyň miras goýan ussatlyk ýoly häzirki wagtda halypa-şägirtlik ýoly arkaly dowam etdirilýär. Medeniýetiň-sungatyň aýrylmaz bölegi bolan milli aýdym-sazlar kalplary birleşdirip, halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar, tutuş ýer ýüzünde bagtyýarlygyň, abadançylygyň hem parahatçylygyň belent waspy bolup ýaňlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy netijesinde dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýurdumyzda medeniýet hem sungatyň kämilleşdirilýändigine, onuň dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigini alamatlandyrýar. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň dünýä ýüzüne ýaýylmagy babatda bolsa döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn mümkinçilikleriň ählisi döredilýär. Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda gaýtalanmajak orny eýelemek bilen, ol parahatçylygyň ilçisidir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrmagyň, gülledip ösdürmegiň bähbidine ýola goýulýan möhüm başlangyçlar muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ençeme medeni-taryhy ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň bu günki günde halkara derejesinde sarpalanmagy we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylmagy bolsa döwletlilikden nyşandyr.
Altyn BABAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.