logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /«Dolanaý» atly täze çeper film üçin kasting başlandy
  18.11.2022
1601
«Dolanaý» atly täze çeper film üçin kasting başlandy

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Dolanaý» atly täze çeper filmde surata düşmek üçin, aktýor gözden geçirilişine gatnaşmaga çagyrýar. Filmiň taslamasy – taýýarlyk döwründe, bu barada guramaçylar habar berýär. Täze çeper filmiň baş gahrymany iki sany çylşyrymly ykbally gyzlar bolar we esasy wakalar häzirki paýtagtymyzda we onuň töwereginde bolup geçer. Çeper filmiň režissýory Arslan Eýeberdiýew.

Film synaglaryna gatnaşmak üçin jynsyna, ýaşyna, milletine, hünärine garamazdan, islendik adam ýüz tutup biler. Taslama üçin hasaba alnandan soň, oňa gatnaşýanlar filmden monologlaryň nusgalaryny alyp, surata düşürilýän meýdançada kameranyň öňünde okamaly bolarlar.

Synag üçin alnan parçalar wideoarhiw kinostudiýada saklanýar, şol sebäpli bu filme düşüp bilmeseňiz hem siziň arzalaryňyz başga taslamalar üçin göz öňünde tutulyp bilner.

Döredijilik synagyna gatnaşmak üçin, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kasting merkezine ýüz tutmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgi: 49-37-01.