logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Economics /Dökün bolmasa, ekin bolmaz
  14.03.2021
693
Dökün bolmasa, ekin bolmaz

       Ýurdumyzda himiýa senagatyny has ýokary derejä çykarmak üçin ähli şertler döredilýär, iri pudaklaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär. Bu ugurda “Tejenkarbamid” zawodynda ýokary önümçilik netijesini gazanmak, ýokary hili önümleri öndürmek üçin zawoda  dünýäniň bu ugurda uly meşhurlyk gazanan firmalaryň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Şeýle-de, zawodyň öndürýän önümleriniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen işçi, hünärmenleri bilen yzygiderli okuw sapaklary geçirilýär.

 “Tejekarbamid” zawodynyň hünärmenleri tarapyndan karbamid önümini taýýarlamak işiniň bu zawodyň işgärlerine ynanylmagy-da şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bu ynam zawodyň işgärlerini has-da tutanýerli we yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Zawodyň öndürýän gymmatly çig maly dünýä bazarlarynda hem uly orun tutýar. Şeýle-de öndürilen önüme diňe bir Ahal welaýatynyň çäginde zähmet çekýän daýhanlarymyz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň çägindäki daýhanlar üçin her bir ekerançylyk işleriniň öz wagtynda karbamid döküniniň melhem bolmagy ugrunda ýakyndan aladalanýar.

    “Tejekarbamid” zawody boýunça gazanylýan üstünliklere jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yzygiderli işgärleriň arasynda bäsleşikleri yglan edip, ýeňijilere ýörite taýýarlanylýan ýadigärlik sowgatlary gowşurýarlar. Munuň özi bolsa zawoda işleýän işgärleriň zähmet çekmäge bolan höweslerini has hem artdyrýar.