logo

Latest news:
✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦
Home / Nature /Diýarymyzda ekologiýa abadançylygy
  05.01.2023
1181
Diýarymyzda ekologiýa abadançylygy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy arassa saklamaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge we olary netijeli peýdalanmaga, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gök zolaklary döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky bütindünýä işine ägirt uly goşantdyr. Berkarar döwletimizde her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi her bir şäheriň, ilatly ýeriň daş-töweregindäki çäkleriň gözelleşmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Ata Watanymyzda şeýle sogap işler yzygiderli durmuşa geçirilmek bilen, dag eteklerindäki, akabalaryň we derýalaryň boýlaryndaky, deňiz kenarlaryndaky jeňňellikleriň hem giňelip, haýwanat dünýäsiniň ençeme görnüşleri üçin ajaýyp mesgene öwrülýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň hasda ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Goý, ýurdumyzy, merjen şäherimiz Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun, belent maksatly tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Güneş SEÝITNIÝAZOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.