logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Politics /Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
  18.02.2026
296
Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Bitaraplyk – Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr” atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde guraldy. Oňa Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de DIM-niň wekilleri, tejribeli diplomatlar, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

 

Maslahatda institutyň rektory G.Ýusupowa, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Ç.Rustemowa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary K.Amandurdyýew, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory Ý.Nuryýew hem-de Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziň başlygy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Ş.Şiriýew çykyş etdiler.

 

Çykyşlarda türkmen diplomatiýasynyň sebit hem-de halkara giňişliginde dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerini berkitmekde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle-de durmuş-ykdysady, ekologiýa we döwrüň beýleki möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynyň ähmiýeti nygtaldy.

 

Çäräniň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa diplomatlara we professor-mugallymlara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen “Bedew batly döwrüň bagtly ýaşlary” atly döredijilik bäsleşiginiň hem-de Döwlet ders bäsleşikleriniň ýeňijilerine sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

 

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar diplomatik ulgamy ösdürmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Zibagözel Hallyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.