logo

Latest news:
✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦
Home / Society /Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
  30.03.2026
139
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary

Düýn ýurdumyz boýunça Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

 

Ähli saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar ir sagat 7:00-da Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen açyldy we bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edildi. Hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylara ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

 

Saýlawlaryň barşyna syn etmegi amala aşyran synçylaryň bellemeklerine görä, şu gezekki saýlawlar hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde we türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu jemgyýetçilik-syýasy waka raýatlaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Hödürlenen dalaşgärleriň ilat arasynda uly hormata eýe bolan, zähmetsöýer adamlardygyny, şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.

 

Ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzasynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzasynyň bir ornuna syýasy partiýalardan, raýat toparlaryndan birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan 578 saýlaw uçastogynyň hemmesi ses bermek üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 102-nji “Jemgyýet”, 104-nji «Peşanaly», 106-njy «Wekil» saýlaw okruglarynda ses bermäge gelen saýlawçylaryň 140 müň 211-si, täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 357 müň 666-sy, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň 52 müň 296-sy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlawlarda saýlawçylaryň 43 müň 693-si, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlarda 109 müň 27 saýlawçy hasaba alyndy. Saýlaw çäreleriniň barşyna syn etmegi ähli saýlaw uçastoklaryna baryp gören milli synçylar amala aşyrdylar. Olaryň baha bermeklerine görä, saýlawlar giň bäsdeşlik, demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.

 

Şu gezekki saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygy saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň onlaýn görnüşde ýaýlyma berilmegidir. Isleg bildirýänler onlaýn görnüşde merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda saýlawlaryň geçişine syn etmäge mümkinçilik aldylar.

 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna — sagat 19:00-a çenli täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,14 göterimi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 92,26 göterimi, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,47 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,06 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,20 göterimi ses berdi. Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen, ses sanamak işi başlandy. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

 

Şeýlelikde, şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäre demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli dowam etdirilýän, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

 

TDH.